Sazlaşykly işleriň netijesi

25 Ýanwar 2021
1583

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler netijesinde karz edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly bank önümlerini görkezmek bolar.

Ogulnar APOWOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.