Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni.
Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.