Jemgyýeti ösdürmekde, maşgalany berkitmekde uly güýç

20 Ýanwar 2021
1577

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Häzirki wagtda zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Maşgalanyň esasy sütüni hasaplanylýan zenanlara zähmet çekmek we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak, çaga terbiýelemek babatda ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilip, olar demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da berkitmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de, zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň öňde goýýan wezipeleriniň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bu guramalaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işleri barada durup geçmek bilen, edara-kärhanalarda zähmeti goramak we işiň howpsuz şertlerini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryny düşündirmek çäreleriniň, Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň ähmiýeti barada okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de, ýaşlary zähmete ugrukdyrmaklygyň, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetiniň ýokarydygy barada aýtdy. Zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornunyň ýokarlandyrylmalydygyny nygtap, ýaşlaryň arasynda maşgala gymmatlygyny wagyz edýän çäreleri geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy, zenanlara ylmy we telekeçilik işlerinde ýardam bermegiň, olaryň işjeňligini gazanmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».