Hytaýyň Çžanszýasze milli seýilgähi täsinlikleri özünde jemleýär. Ol diňe seýilgäh däldir, şol bir wagtda hem haýwanat bagydyr, hem botaniki goraghanadyr. Sütün görnüşindäki kwars gaýalarynyň beýikligi 800 metre çenli ýetýär. Seýilgähde ösümlikleriň ençemesi ösýär hem-de haýwanlaryň 500 görnüşi ýaşaýar. Olaryň arasynda siwetta atly ýyrtyjy, gyzyl hem-de mawy agaç seýrek duşýan görnüşlerdir. Dagda uly bolmadyk Sary ýolbars obasy ýerleşip, onda Hytaýyň az sanly 3 halkyýeti ýaşaýar. Bu ýerdäki Baýlun lifti dünýäde iň beýik lift hasap edilip, ol sanlyja sekuntda 330 metr belentlige çykarýar. «Asmandaky köpri» diýlip atlandyrylýan köpriniň ini 4 metr, uzynlygy 50 metr bolup, bir gaýadan beýikligi 357 metr bolan beýleki gaýanyň ýokarsyna geçmek mümkindir.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen seýilgähde başga-da aždarhalaryň şasy Lunwandunyň, Sary aždarhanyň gowaklary bar.