Mähriban körpe! Seniň durmuşyňda şu günler täsin pursatlar bolup geçýärmi? Ýa-da ähli bolup geçýän wakalar bireýýam adatylyga öwrüldimi? Şu wagt adaty bolup görünýän bolmagy hem ahmal. Ýyllar geçer, deň-duşlaryň bilen bolan wakalary edil şu günki ýaly, jykyr-jykyr gülüp ýatlarsyň. Şu günüňi göresiň geler, çagalygyňy küýsärsiň. Bu hökman şeýle bolarmyka diýýän. Mende-hä şeýle!
Kämahal şeýle pursatlar bolýar, üstünden näçe ýyl geçse-de, surat ýaly nazaryňdan aýdyň geçip dur. Edil düýn bolan ýaly, kalbyňa möhür bolup ýazylýar. Hatda eşiden käbir gürrüňleriňem çeper keşpde aňyňda orun alýar.