Mähriban çagalar, gyş paslynda gündizleriň gysga, gijeleriň uzalýandygy sebäpli, awtoulaglar, köplenç, ýagtylandyryş çyralaryny ýakyp, hereket edýärler. Gyşyň ygally we ümürli günlerinde çyralaryň yşygy açyk howadaky ýaly uzak aralyga düşmeýär. Şol sebäpli uly ýollardan, geçelgelerden geçilmeli bolanda, siz ulagyň gelýändigini uzakdan saýgarýarsyňyz. Ýoldan geçeniňizde ýol hereketiniň düzgünlerini hökman doly we dogry berjaý etmelisiňiz. Ata-eneleriňiz gyş egin-eşikleriňizi alanlarynda, siz olara yşyk serpikdirýän reňki bolan eşikleriň göwnejaýdygyny ýatladyň. Şeýle hem ulagyň yşygynda haýsy reňkiň näçe aralykdan görünýändigini hem ýatda saklaň:
— Gara reňk gaty golaýa gelýänçä görünmeýär;