Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alýan daýhan hojalyklarynyň Köneürgenç etrabynda hem ençemesi bar. Şolaryň hatarynda «Akderýa» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän 30 gektar meýdany öz içine alýan «Hormatly gallaçy» daýhan hojalygyny görkezmek bolar.
Daýhan hojalygyna Guwanç Meredow ýolbaşçylyk edip, berkidilen ýeriň 15 gektaryny özleşdirip, alty ýyldan bäri guşgursak ak bugdaýy ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl hojalyk şonça gektar ýerden 38 tonna 920 kilogram ýokary hilli azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamasyny 143 göterim ýerine ýetirdi. Munuň özi ýaş daýhanyň çeken asylly zähmetiniň kemsiz ýerine düşendiginden habar berýär.