15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimi boldy.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyzyň toý bagyny kesmegi bilen, täze möhüm senagat desgasy açyldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu möhüm desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.