Beýik işleri nazarlap

17 Ýanwar 2021
2119

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri ösüşleri, üstünlikleri bagyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Bu taryhy wakalar diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem goňşy halklaryň ösüşine hem oňat täsir edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň umumadamzat ösüşlerini nazarlaýandygyny ýene bir gezek aýdyň beýan edýär, sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, durnukly ösüşleri gazanmakda wajyp bolup durýar. Bu gün ýurdumyzda alnyp barylýän şeýle ägirt uly, beýik işleriň ähmiýeti umumadamzat bähbitlerini nazara alýar.

Bu günki gün Türkmenistanyň ösüşleri has-da ýokary derejä eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmalydygyny we ylmyň mümkinçilikleriniň Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidigini nygtaýar.

Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.