Ata-babalarymyz öz nesillerine toprak, ene ýer barada ençeme paýhasly sözleri miras galdyrypdyrlar. Olar umman ýaly giň we çuň manysy bilen seniň göz öňüňde bütin dünýäni janlandyrýar. Şondan bolsa gerek, obada doglup kemala gelen her bir adamyň özüni bilip, ilkinji sygynýan gudraty ene ýer bolup durýar. Ol sahy topragyň idegini kemsiz ýetirip, oňa uly umyt bilen tohum taşlaýar. Şeýdip, ýerden göwün diýen hasylyny alýar. Göräýmäge köp hysyrdyny talap edýän bu pişe hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly. Halal zähmet bolsa, daýhana arassa girdeji getirýär, onuň eli uzadan ýerine ýetip, baýap başlaýar.
Bu günki gün daýhanyň törüni çuwal-çuwal mäşdir noýba, bugdaý, akja tüwi, käşir, kelem bezeýär. Onuň saçagynda bolsa adyn tutan zadyň bar. Iň guwandyrýan ýeri, şol önümleriň ählisi türkmeniň sahy topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen önümler.