Dünýäde islegli önümler

15 Ýanwar 2021
1963

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybarat bolup, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi, mineral çig mal ätiýaçlyklarynyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagy has-da ileri tutulýar. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bilen bu pudak häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar.

Türkmenistanyň himiýa senagatynda mineral dökünleriň önümçiligi has-da üstünlikli ýola goýulýar. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, azot önümlerini öndürýän zawodlaryň sany köpelýär, muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümlerini öndürýän hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze zawodyň işe girizilendigini aýtmak bolar. Karbamid öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen, karbamidiň eksport edilýän möçberi has-da artdyrylýar.

Saýatbeg SAPARBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.