Ýaşlaryň zähmet ýolunda kämilleşmegi

14 Ýanwar 2021
2276

Ýaşlaryň okamagy we zähmet çekmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek Maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.