Janyňyz tut ýaly sag bolsun!

12 Ýanwar 2021
3259

Gündelik durmuşymyzda «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýip, birek-birege saglyk diläp, oňat arzuwlar etmek — halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Eýsem-de, «tut ýaly» diýilmeginiň sebäbi nämekä? Näme üçin saglyk dilemeklik tut agajy bilen baglanyşdyryp aýdyldyka? Muny bilmek üçin, geliň, ata-babalarymyzyň tut bilen baglanyşykly garaýyşlaryna ser salalyň.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda tut agajyna oňat garaýyşlar bolupdyr. Tut agajyny halkymyz her hili bela-beterden, göz-dilden, saýasy yssydan goraýan pena hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmen obalary tut agaçsyz göz öňüne getirilmändir. Her öýüň gapysynda hökman tut agajy ekilipdir. Ýaşulularymyz köplenç tut agajynyň saýasynda saýalap, dynç alyp, tudana mürepbesi bilen çaý içipdirler. Umuman, ata-babalarymyz tuda bolan ynançlar, yrymlar bilen ýaşapdyrlar, nesil terbiýeläpdirler. Tut agajy hemişe başy dik, örän berk, uzak ýyllar ýaşamaga ukyply agaç bolupdyr. Şonuň üçin pederlerimiz ynsan saglygyny tut agajyna deňemek bilen, hut şol agaç ýaly berk, sagdyn, uzak ýaşamagy birek-birege arzuw edipdirler.

Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA,
TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.