Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat bu gün ak mermerli binalaryň, sapaly seýilgähleriň we şirin mukamly suw çüwdürimleriniň mekanyna öwrüldi. Onuň nurana keşbi her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrýar. Aşgabat şäherinde ak mermerden bina edilýän her bir desganyň gurluşygynda mähriban halkymyzyň asuda ýaşaýşyny, döredijilikli zähmet çekmegini, medeniýetli dynç alşyny üpjün etmekden gözbaş alynýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde döwrebap, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilen döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-jemgyýetçilik desgalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda Parahat 7 ýaşaýyş toplumyny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalary ýatlamak aýratyn ýakymlydyr. Bu desgalaryň ýanaşyk ýerleri talabalaýyk abadanlaşdyrylyp, häzirki zaman söwda merkezleri, sport we çagalara niýetlenen oýun meýdançalary guruldy. Bularyň ählisi, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli ýaşaýşynyň ýokary derejesini üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek işleri batly depginler bilen dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar.
Goý, ýurdumyzy, merjen paýtagtymyzy ösüşiň belent derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!