Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan Berkarar zaman obasy diňe bir döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, biri-birine barha ysnyşýan ýaşaýjylarynyň agzybirligi, ýürekdeşligi bilen hem göwnüňi göterýär. Ýaşaýjylaryň hersi bir ýerden göçüp gelen hem bolsalar, olar gysga wagtyň içinde ýürekdeş goňşulara, mähirli obadaşlara öwrülip gitdiler. Bu gün biri-biriniň toý-märekesinde hemmeleriň bilek çyzgap, hyzmat edip ýörenini göreniňde, göwnüň guş bolup uçýar.
Men — eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu döwrebap obanyň ýaşaýjysy. Oba ilatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi, ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni wagyz etmekde oba geňeşliginiň wekilleriniň hem uly paýy bar diýip düşünýärin. Ýaşulular bilen her gezek Geňeşligiň jaýyna baranymyzda, onuň hünärmenleriniň il-günüň aladasyna gurşalanlygyny görüp has guwanýarsyň. Gysga wagtyň içinde il-günüň ýüreginde ýer edip bilen hünärmenleriň biri-de Maýa Akyýewadyr.