Pyýadalaryň howpsuzlygynyň jogapkärçiligi

13 sagat öň
9

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolup, maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak derwaýyslygyna galýar. Şu möhüm meseläni ýurt Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklap, bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Köçe- -ýol hereketiniň howpsuzlygynda pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak wajyp wezipeleriň biridir. Bu meseläniň oňyn çözgüdi bolsa, sürüjiler bilen pyýadalaryň özara sazlaşykly hereketlerine baglydyr. Sazlaşykly hereketler diýýänimiz sürüjileriňem, pyýadalaryňam Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen talaplary berk berjaý etmelidiklerini aňladýar.

Bilşimiz ýaly, pyýadalaryň howpsuzlygy jogapkärli wezipe bolup, onuň bähbitli çözgüdi pyýadalar bilen deň derejede sürüjilere-de baglydyr. Şonuň üçinem pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen degerli çäreleri geçirýäris.