«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr. Mähriban Watanymyzda her bir raýatyň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen meşgullanmagy üçin zerur şertler döredildi. Ähli etraplarda we şäherlerde sagaldyş meýdançalary bar. Sport toplumlary, seýilgähler, deňiz kenaryndaky Awazada we welaýatlardaky şypahanalar halkymyzyň hyzmatynda bolup, halkymyz saglygyny berkidýärler.