«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Geçen ýyllara garanyňda şu ýyl paýtagtymyza garyň köp ýagandygy üçinmi ýa-da garly gyşa kän bir öwrenişmändigim üçinmi, garaz, täsin duýgular pikirlerim bilen häli-şindi ýüzbe-ýüz boldy durdy. Çagalygymyzda kalbymyzda orun tutan şatlyk duýgusy özümden bidin pikir aladalarymy alyp gaçýar.Olaryň yzyna eýerjek bolubam ýyly eşikleriňi geýip, daş çykýarsyň. Şonda aýagyň astynda täsin ses edýän garyň «özboluşly mukamy» seni çagalyk ýyllaryňa sary alyp gidýär.