Türkmen-malaý gatnaşyklarynda täze sepgitler

1 gün öň
27

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara peýdaly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýän Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde dürli ugurda üstünlikli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygy okgunly häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi sapary hyzmatdaşlygyň täze üstünliklerine beslendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Bu resmi sapar hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bolan ilkinji resmi saparydyr. Iki dostlukly döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandyr. Şondan bäri geçen döwrüň içinde iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugur boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Esasan-da, nebitgaz senagaty, bilim, syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Bu Beýannamada energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigine üns çekilýär, şunda «PETRONAS» kompaniýasynyň köpýyllyk oňyn tejribesi bellenilýär. Iki ýurduň özara ykdysady gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygy göz öňünde tutulyp, Türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge taýýarlygyň tassyklanylandygy, şeýle-de ulag, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyşlary uly gyzyklanma döretdi.

Aýlar KANAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.