Adam hakdaky alada täze desganyň işe girizilmeginde aýdyň beýanyny tapýar

23 sagat öň
32

Düýn Tejen etrabynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi. Täze ýylyň bosagasynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen täze desganyň açylyş dabarasy ýokary ruhy göteriliş alamatyny döretdi.

Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdylar. Dabara üçin niýetlenen toý meýdançasynda ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw serişdelerini netijeli ulanmakda, ilatly nokatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilip, şonuň çäginde ýurdumyzda suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanylmaga berilýär, suw serişdelerini tygşytlamaga şert döredýän häzirki zaman tehnologiýalary we innowasion ylmy tehnologiki işläp taýýarlamalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy üçin edýän aladalarynyň subutnamasydyr.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.