Täze ýylyň buşlugy (Hekaýa)

1 gün öň
46

— Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Ejem-ä maňa: «Sowgatlaryň iň gowusy seniňki bolar, ýöne ony almak üçin okuwyňdan diňe bäşlik baha almalydyr» diýýär. Ejemiň «Iň gowy sowgat» diýýäni nämekä, bilýäňmi? — diýip, Aýsona doganjygy Gülsona sorag bilen ýüzlendi. Gülsona-da oýnundan ünsüni sowman:

— Men näbileýin. Maňa-da şeýle diýdi. Belki, bize aýtman, kakam bilen üýtgeşik sowgat taýýarlaýandyrlar? — diýdi.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.