«Ak bugdaý» bazarynda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy döredildi

23 sagat öň
34

Täze ýyl baýramçylygynyň öwüşginleri welaýatymyzyň ähli ýerlerinde aýdyň duýulýar. Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň toý keşbinde, bazarlardaky, söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky haryt bolçulygynda hem Täze ýyl baýramçylygyna mahsus aýratynlyklar aýdyň şöhlelenýär. Şeýle şatlykly günlerde ak bazarlarda söwdalaryň barha gyzyşýan pursatlary göwnüňi göterýär.

Adatça, Täze ýylyň bosagasynda ak bazarlarda dürli önümleriň we harytlaryň görnüşleri artdyrylyp, baýramçylyk harytlarynyň söwdasyna giň orun berilýär, ak bazarlaryň ýanynda göçme söwda nokatlary guralýar. Olarda alyjylara köp görnüşli harytlar hödürlenýär. Bu gezek hem asylly däbe eýerilip, Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bazarlardaky haryt bolçulygyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurdaky tagallalaryň ýerine düşendigine Änew alyjylar jemgyýetiniň «Ak bugdaý» bazarynda bolanyňda guwanç bilen göz ýetirip bolýar.

Ýörite habarçymyz.