Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.