Täze ýyla täze arzuwlar bilen

23 sagat öň
37

Bosagada täze — 2025-nji ýyl. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň, obadyr şäherleriň, öý-ojaklaryň Täze ýyl öwüşginine beslenmegi, söwda dükanlarynda, ak bazarlarda Täze ýyl söwdasynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp baýramyň barha golaýlaýandygyndan habar berýär. Täze ýyl maşgala baýramy hökmünde her öý, her ojakda uly şatlyk bilen garşylanyp, uludan bellenilýär. Aýratyn-da, körpe neslimiziň Täze ýyly garşy alşy üýtgeşik. Bagtyýar körpeler gyş paslynyň ilkinji gününden täze ýyldyr Aýazbaba baradaky goşgulary ýatlap, Täze ýyl sowgatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ynha, ýene-de sanlyja günden Aýazbabadyr Garpamyk içi sowgatly horjunyny egnine atyp, döwletli öýlerimiziň gapysyndan girer. Aýazbabanyň paýlaýan Täze ýyl sowgatlary bu maşgala baýramçylygynyň esasy şatlygy hem bezegidir.

Biz toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly dabara bilen ugradýarys. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilen ýyly her birimiziň durmuşymyzda aýratyn ýatdan çykmajak taryhy ýyl boldy.

Yhlasmuhammet AGAHANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.