Ýurduma toý bolup gel, Täze ýyl!

1 gün öň
39

Rowaçlyklara beslenjek Täze — 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak maksady bilen welaýatymyzyň ähli ýerlerinde şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar geçirilýär. Bagtdan paýly ildeşlerimiz baýramçylyk dabaralaryna egsilmez hyjuw bilen gatnaşýarlar.

GÖKDEPE. Etrabyň Medeniýet köşgündäki baýramçylyk dabarasy ruhubelentlige beslendi. Täze ýyl baýramçylygyna mahsus äheňde bezelen owadan zala ýygnanan bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar toý gutlaglaryny beýan etdiler.

SURATLARDA: «Bagt ýyldyzy» toý mekanyndaky dabaradan pursatlar.