«Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!»

1 gün öň
30

Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda etrabyň «Bagt köşgi» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar. Bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriniň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edip, olar ýaşlar baradaky ýadawsyz aladasy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Derýa MAGSADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.