Baýlyk gory artdyrylýar

1 gün öň
24

Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär.

— Golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Şonda agzybir işgärlerimiz tarapyndan 3 müň 975 metr çuňluk burawlandy. Häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Biz bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşýarys — diýip, buraw ussasy Magtym Mahmudow gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».