Nah ýüplükler öndürilýär

1 gün öň
43

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem medeniýeti ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär. Milliligimizi öwrenmekde, onuň taryhy köklerini yzarlap, täsin syrlaryny açmakda, şeýle-de dürli önümleriň gönezligi bolan nah ýüplükleriň hilini has-da gowulandyrmakda balkanly dokmaçylaryň goşandy uludyr. Muňa mysal hökmünde, Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Kärhanada 570-den gowrak adam zähmet çekip, onda şu ýylyň 10 aýynda öndürilen önümiň mukdary 3625 tonna barabar boldy.

«Balkandokma» kärhanasy iri önümçilik desgalarynyň biri bolup, esasy çig mal bolan pagta süýüminden dürli görnüşdäki nah ýüplükleri öndürýär. Olar içerki we daşarky bazarlara satuwa çykarylýar.

Jumamuhammet MAHMYDOW,
TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň hünärmeni.