Aýazbaba çagalardan hat

2 gün öň
57

Megerem, çagakak Aýazbaba hat ýazmadygymyz ýokdur. Täze ýyl golaýlasa, şindem jigim bilen Aýazbaba hat ýazyp, penjirä seredip oturyşymyz ýadyma düşýär. Şol gün: «Ýatmaly däl» diýip dilleşipdik. Barybir bolmady, uky höwesimizden üstün çykdy. Adatdakylar ýaly, Aýazbaba ýene görünmän gelip gitdi... Hawa, çagalygyň özi giden bir dünýä. Özem hiç wagt ýatdan çykmaýan, ýagşysy-ýamany bilen aňyňa kebşirlenip galýan älem. Şonuň üçin Täze ýyl şowhunyna çagalar ýaly ýürekden begenýän başga birini tapaýmak diýseň çetin. Haçan-da olar bilen söhbetdeş bolanyňda, nädip ýylgyranyňy hem duýman galýarsyň. Olaryň kiçijek ýüreklerinde besleýän arzuwlaryny eşitmek bolsa juda ýakymly. Biz hem «Nesiliň» şu sanynda körpejelerimiziň Täze ýylda Aýazbabanyň salgysyna ýollan hatlarynyň birnäçesiniň mazmunyny okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris. Bu hatlaryň gazetimiziň üsti bilen Aýazbabanyň salgysyna has çalt gowuşjakdygyna bolsa tüýs ýürekden ynanýarys.

■ Salam, Aýazbaba! Men Aşgabat şäherinden Medine. Şu ýyl men ýedi ýaşaýan. Arada ejem bilen bazarda aýlanyp ýörkäk gowy köýnek gördük. Ejem: «Täze ýyldan soň alyp bererin» diýdi. Täze ýyl agşamy ejem bilen meňzeş geýner ýaly, şol köýnekden ikimize-de sowgat edäý, Aýazbaba! Geçen ýylky ugradan gyş ädigiňiz üçinem köp sag boluň!

«Nesil».