Änew şäheriniň merkezi seýilgähini Ak bugdaý etrabynyň Täze ýyl arçasy bezeýär. Etrap derejesindäki baýramçylyk dabaralaryň aglabasy şu ýerde geçirilýär. Täze ýyl golaýlaşdygyça baýramçylyk arçasynyň töwereginiň mähellesi artýar.
Etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar al-asmana göterilýär. Başy Gök direýän, owadan bezegleri bilen ýakymly täsirleri döredýän Täze ýyl arçasyndaky dabaralara okuwçy ýaşlar we bagtyýar körpeler höwesli gatnaşýarlar.