Kataryň Lusail şäherindäki «Lusail» stadionynda FIFA Interkontinental Kubogynyň finalynda Ispaniýanyň «Real Madrid» topary bilen Meksikanyň «Paçuka» topary duşuşdy. 67 müň 249 janköýeriň tomaşa eden oýnunda wenesuelaly emin Hesus Walenzuela jürlewük çaldy. UEFA-nyň wekiliniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda «Real» 3–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 37-nji minutynda Winisius Junioryň pasyndan soň Kilian Mbappe hasaby açdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Mbappeniň asist etmeginde Rodrigo owadan gol geçirip, hasaby 2-ä çykardy. Oýnuň 84-nji minutynda eminiň penaltisini dürs uran Winisius Junior duşuşyga soňky nokady goýdy. Şunlukda, «Real Madrid» bu kubogyny 1960-njy, 1998-nji hem-de 2002-nji ýyllardan soň 4-nji gezek almagy başardy. «Real» bu ugurda «Milandyr» «Boko Huniors» hem-de «Penýarol» toparlaryndan öňe saýlanyp, 1-nji orna geçdi.
Duşuşykdan soň Winisius ýaryşyň «Altyn top», Federiko Walwerde «Kümüş top» hem-de «Paçuka» toparynyň oýunçysy Elias Montiel «Bürünç top» baýragyna laýyk görüldi.