Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?!

20 Dekabr 2024
36

Köp ýurt­da de­kabr aýy­nyň gel­me­gi bi­len se­ýil­gäh­ler­de, dynç alyş mer­kez­le­rin­de we kö­çe­le­riň ug­run­da Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry peý­da bol­ýar. Il­ki­baş­da al­ma bi­len be­ze­len ar­ça­lar soň­lu­gy bi­len oý­na­waç dü­kan­la­ry­nyň hö­dür­le­me­si esa­syn­da ýal­pyl­da­wuk şar­ja­gaz­lar, oý­na­waç­lar hem-de ýa­nyp-öç­ýän çy­ra­jyk­lar bi­len be­ze­lip baş­lan­ýar. Eý­sem, ar­ça be­ze­mek dä­bi ni­re­den göz­baş al­ýar?

Ga­dy­my dö­wür­ler­de adam­lar te­bi­gy dur­muş­da ýa­şap, agaç­la­ryň mi­we­si­ni iýip­dir­ler, çy­byk­la­ryn­dan çat­ma, bu­kal­ga­lar gu­rup­dyr­lar, ýyr­ty­jy jan­dar­lar­dan go­ran­mak üçin uly agaç­la­ryň kö­we­gin­de giz­le­nip­dir­ler. Umu­man, te­bi­gat­da ada­ma iň ýa­kyn zat agaç bo­lup­dyr. Il­ki­dur­muş adam­la­ry agaç­lar­da bir güý­jüň, gud­ra­tyň bar­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň or­naş­ma­gy bi­len adam­lar te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra has aý­dyň göz ýe­ti­rip baş­lap­dyr­lar. Ýy­lyň iň uzyn gi­je­sin­de gün­di­ziň gi­je­den üs­tün çy­kyp, ýe­ne-de ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi üçin di­leg edip­dir­ler. Bu ha­dy­sa 21-nji de­kabr­da bo­lup ge­çip, er­te­den gün­ler uza­lyp baş­la­nyp­dyr. Olar mu­ňa Gün ýe­ňiş ga­zan­dy di­ýip dü­şü­nip­dir­ler hem-de mu­ny bel­le­mek üçin agaç be­zäp, aşa­gyn­da her dür­li iý­mit­dir azyk önüm­le­ri­ni go­ýup­dyr­lar. Ta­ryh­çy­lar bu ynan­jyň il­ki­baş­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. As­si­ri­ýa­ly­lar but­pa­raz­çy­lyk ynan­jy­na gö­rä, ýyl­bo­ýy ýap­ra­gy­ny dök­me­ýän ar­ça we ser­wi agaç­la­ry­ny ha­syl­ly­ly­gyň we ba­ky­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lap­dyr­lar. Bu agaç­la­ry be­ze­mek bi­len ön­dü­ri­ji­li­giň ýo­kar­lan­jak­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Hy­taý­dyr Mü­sür­de he­mi­şe gök öwüs­ýän agaç­lar di­ri­li­giň ny­şa­ny ha­sap­la­nyp­dyr. Skan­di­naw ýurt­la­ry ar­ça be­ze­mek dä­bi­ni gyş pas­ly­nyň gel­me­gi­niň ala­ma­ty hem-de guş­lar üçin öý­ja­gaz ýa­sa­mak di­ýip dü­şün­ýär­ler. Be­ze­len aga­jy to­kaý­da däl-de, öýüň için­de ýa-da gi­rel­ge­sin­de goý­ma­gyň, has köp şow­lu­lyk we be­re­ket ge­tir­ýän­di­gi­ne yna­nyp­dyr­lar.