Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen sowuklama we dümew alamatlary köpelýär. Bedeniň dümewe garşy göreşmegi bilen gowşaklyk alamatlary ýüze çykýar. Dümew alamatlaryny ýeňip geçmek üçin nahar sanawyna çorbanyň käbir görnüşlerini goşmaly. Hepdede 2-3 gezek çorba içmek bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmek bilen bir hatarda, saglyk üçin örän peýdalydyr. Geliň, witaminlere baý çorbanyň görnüşleri bilen tanyş bolalyň!
Towuk çorbasy. Sowuklama ýa-da dümew alamatlary ýüze çykan halatynda beden üçin iň peýdaly iýmit towuk çorbasy hasaplanýar. Towuk çorbasy immuniteti güýçlendirmek bilen bir hatarda, suwsuzlygy gandyrmaga, witamin ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Towuk çorbasyna käşir goşulyp, limon sykylyp içilse, has-da peýdaly bolýar.