Ýy­lyň iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri

20 Dekabr 2024
29

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça dü­zü­len ýyl­lyk sa­naw­da 2024-nji ýy­lyň iň go­wy şä­he­ri saý­lan­dy. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy 20 şä­he­rin­den yba­rat sa­naw Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Eu­ro­mo­ni­tor In­ter­na­tio­nal» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy. Sa­naw yk­dy­sa­dy we işe­wür­lik ne­ti­je­li­li­gi, sy­ýa­hat­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi, sag­lyk we howp­suz­lyk de­re­je­le­ri, şeý­le-de da­şar­ky we­him­le­re dur­nuk­ly­lyk ýa­ly bir­nä­çe gör­ke­zi­ji­le­riň sel­jer­me­si­ne esas­lan­ýar. Şä­her­le­riň daş­ky gur­şaw sy­ýa­sa­ty hem na­za­ra alyn­dy.

Pa­riž ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da meş­hur­ly­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but et­di. Sa­naw­da ikin­ji or­ny Mad­rid, üçün­ji or­ny To­kio eýe­le­ýär. Öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bäş­li­gi­ne Rim we Mi­lan hem gir­di. Sa­na­wa gi­ri­zi­len­le­riň ara­syn­da Nýu-Ýork, Ams­ter­dam, Sid­neý, Sin­ga­pur, Bar­se­lo­na, Taý­beý, Se­ul, Lon­don, Du­baý, Ber­lin, Osa­ka, Bang­kok, Los-An­je­les, Stam­bul we Mel­burn hem bar. Bu sa­naw ja­han­keş­de­le­re sy­ýa­hat et­mek üçin ugur­la­ry saý­la­ma­ga ýar­dam ber­mek, şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça dur­nuk­ly ösü­şiň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­mek mak­sa­dy bi­len dü­zül­ýär.