Röwşen geljegiň eýeleri

17 Dekabr 2024
160

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, ahlak taýdan terbiýeli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda goýulýar. Ýaşlaryň bilimini yzygiderli artdyryp, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny ösdürmek häzirki zaman jemgyýetinde esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň esaslaryny goýmaga giň gerim berilýär.

Diýarymyzda ösüp gelýän ýaşlara öwredilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaş nesiller ummasyz aladalar bilen gurşalandyr. Ýaşlara okamaga, döretmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen türkmen ylmynyň gazananlary durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Olar özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, okamagy, öwrenmegi, döretmegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi abadan ýaşaýşymyzyň güwäsidir.

Döwrangeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.