Düýn paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi.
Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.