Nusgalyk ýörelgeleriň beýany

16 Dekabr 2024
92

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşyp, taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.

Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary. Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen nesillerini öz baýdagynyň astynda jemläp, adalatly hökümdarlyga eýe bolupdyr. Ol goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birek bilen gatnaşyk saklamagynyň, sylag-hormatda bolmagynyň berk taglymatyny döredip, öz nesillerine bu ýörelgäni berjaý etmegi sargyt edipdir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi.

Gülbahar PYGAMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiri, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy.