Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek asylly ýörelgä öwrüldi. Mugallymlaryň, bilim işgärleriniň asylly işleriniň netijesinde ýaşlar kämil ynsanlar bolup ýetişýärler. Şunda başlangyç synplarda geçilýän sapaklaryň, öwredilýän bilimleriň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, çünki başlangyç bilim berk binýat bolýar, okuwçynyň ýadynda saklanyp galýar. Başlangyç synp okuwçylary öwrenmäge höwesli, bilesigeliji bolýarlar. Şonuň üçin hem mugallym guraýan sapagyny has-da täsirli edip geçmäge, olaryň aňynda gowy galmagyny gazanmaga, şeýle-de şol derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga çalyşýar.
Başlangyç synpda okamak, ýazmak endikleri has-da kämilleşýär. Bu döwürde okuwçylarda köp öwrenmäge, ýazmaga bolan gyzyklanma has-da artýar. Şu nukdaýnazardan türkmen dili sapagyny oňat öwretmek has-da täsirlidir. Türkmen dili dersinde okuwçylar bilen «Sypatlar», «Işlikler», «Sanlar» ýaly özbaşdak many aňladýan söz düzümleri öwredilýär. Şu temalar geçilende okuwçylara sypatlaryň aňladýan manysyny düşündirýärin. Munuň üçin okuw kitabyny we multimedia tagtasyny peýdalanýaryn. Multimedia tagtasynda şeýle ýazgylary ýazýaryn: