Şanly geçmişiň beýany

13 Dekabr 2024
110

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzdaky ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär. Milli Liderimiziň şöhratly geçmişimize bolan buýsanja, milli mirasymyza we medeniýetimize hormat-sarpa eýlenen «Hakyda göwheri» atly eseriniň türkmen hem-de iňlis dillerinde neşir edilmegi türkmen halkynyň abraýynyň dünýä dolmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.