Berkarar Watanymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny baky Bitaraplygyň 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary bütin Äleme äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň toý çärelerine utgaşan dabaralaryň şatlyk-şowhuny Diýarymyzyň ähli ýerini gurşap aldy. Toý günleri ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglananlaryň arasynda daşary ýurt raýatlaryň hem bardygyny bellemek ýakymlydyr.
Toý günleri ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de Arkadag şäherinde binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna-da şaýat bolundy. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Kofe we kofe önümleri kärhanasy, Nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylyp, işe girizilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi.