Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

12 Dekabr 2024
107

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler; gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; onuň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan görlen çäreler hakynda hasabatlar diňlenildi we beýleki degişli soraglara seredildi.

Mej­li­se mü­di­ri­ýe­tiň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa gat­naş­dy­lar. Mej­li­siň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da çy­kyş et­mek üçin, gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­ro­wa söz ber­di.