Asylly ýörelgelere eýerip

12 Dekabr 2024
113

10-njy de­kabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýaşulusy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy.

Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy R.Ba­za­row hä­zir­ki dö­wür­de Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri, bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler, ola­ry üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ha­kyn­da aý­dyp, we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň ilat ara­syn­da ge­çir­ýän wa­gyz-ne­si­hat­lar, baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.