«Forbes» žurnaly taryhda ýaryşlardaky ýeňişleri arkaly iň köp pul baýragyny gazanan tennisçileriň reýtingini düzdi. Mahabatdan düşen girdejiler hasaba alynmazdan, diňe pul baýragy esasy düzülen sanawda hümmetsizlenme hem göz öňünde tutulypdyr. Mysal üçin, 1985-nji ýylda gazanylan 100 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy häzirki hümmet boýunça 300 müň 694 amerikan dollary diýlip hasaplanypdyr. Şeýlelikde, sanawyň birinji basgançagyndan 211 million 397 müň amerikan dollarlyk görkeziji bilen serbiýaly Nowak Jokowiç orun alypdyr. Şeýle-de ilkinji üçlükde şweýsariýaly Rožer Federeriň (171 million 785 müň amerikan dollary) we ispaniýaly Rafael Nadalyň (162 million 526 müň amerikan dollary) ady bar.