Milli Liderimiz geçen ýyllarda ylahy zehininden, pähim-paýhasyndan dörän ylmy- filosofik we çeper eserleriniň ençemesini halkymyza peşgeş etdi. Ynha, golaýda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby neşir edilip, ulus-ilimize gowuşdy. Bu gymmatly eser ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Köpýyllyk şöhratly taryhy bolan halkymyz uzak geçmişde dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. Dana pederlerimiziň döreden binagärlik eserleri, sünnäläp kämilleşdiren senetçilik, seýisçilik däpleri, gelin-gyzlarymyzyň nepis el işleri umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Nusgawy şahyrlarymyzyň şu günki nesillere galdyran edebi mirasy hem pähim-paýhas çeşmesi hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eserinde hem halkymyzyň şeýle baý taryhy-medeni durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz bu kitaby döretmekde şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşandygyny, şeýle-de arheologlarymyzyň täze tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe ylmy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda kitapda getirilýän maglumatlar örän gymmatly hem-de täsirli.