Parahatçylyk, ynanyşmak, asudalyk

10 Dekabr 2024
147

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň anyk subutnamasy boldy. Diýarymyzda ýokary guramaçylykly geçirilýän halkara forumlar paýtagtymyz Aşgabady dost-doganlygyň merkezine öwürýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen paýhasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy hökmünde parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barýar, sebitleýin hem-de Halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde uly orun eýeleýär, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini has-da belende göterýär.

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.