Dost-doganlygyň we parahatçylygyň çeşmesi

10 Dekabr 2024
172

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty bütin dünýäde belent mertebä mynasypdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry halkymyzyň hakydasynda şanly sene hökmünde orun aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy esasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Kararnama kabul edildi. Bu şanly pursat türkmen halkynyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň dabaralanmasy boldy. Şol belent üstünlikden soňra, agzybir halkymyz hemişelik Bitaraplyk syýasatyny şygar edinip, arzyly menzilleri nazarlady. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara derejesinde uly ykrarnama eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýändiginden nyşandyr. Dünýä bileleşiginiň halklarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýandyklaryny şu taryhy wakanyň özi ýene bir gezek äşgär etdi.

Türkmenistan bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda, howpsuzlygy berkitmekde, durnukly ösüşi ýola goýmakda netijeli işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi aýratyn bellärlikli şanly wakadyr. Sebäbi, türkmen halky bu taryhy waka esasynda özüniň Milli Lideri bilen parahatçylygyň, dostana gatnaşyklaryň tarapdarydygyny bütin dünýä aýan etdi.

Gülendam ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni.