Innowasion sport ýaryşlary

10 Dekabr 2024
171

Eziz Diýarymyzda dünýäde barha meşhurlygy artýan sportuň sanly tehnologiýalar bilen bagly ugurlary hem ösdürilýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda şu ýylyň 2—7-nji dekabry aralygynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen sport hepdeligi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli talyplar sportunyň hem-de Milli elektron sport federasiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirildi.

Innowasion sport hepdeliginiň bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 200-e golaý talyp türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar türgenlerimiz üçin halkara oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyry bolmak bilen, innowasion sport görnüşlerinde zehinleri ýüze çykarmakda hem-de hasaba almakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaryşlar sportuň innowasion görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirdi. Şeýle ýaryşlaryň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, olaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmakdan, bu ugurdan zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan we fijital-sport boýunça özara tejribeleri alyşmaklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Ýaryşlarda ýokary netijeli çykyş eden zehinli türgenler 2025-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde guraljak «Geljegiň oýunlary» atly multisport ýaryşynyň saýlama tapgyrlaryna gatnaşarlar.

Şamuhammet NEPESOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň başlygy.