Ata-babalarymyz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdirler. Häzirki döwürde bu ýörelge, dostana gatnaşyklarymyz has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyz daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli pudaklary bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmekde halkara tejribesinden ugur alynmagy, saglygy goraýyş edaralarymyza dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ynsan saglygyny dikeltmek, bejermek ýaly mukaddes kärde zähmet çekýän lukmanlar üçin hem guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ajaýyp döwrümizde biz ― lukmanlara arman-ýadaman, yhlasly zähmet çekmek galýar. Çünki dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen takyk bejergileri ýola goýup, raýatlaryň saglygyny öz wagtynda netijeli goramak mümkinçiligi artýar. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň bagtyýar hünärmenleri iş tejribesini artdyrmak maksady bilen daşary döwletlerde okuw saparlarynda bolýarlar. Ynha, ýaňy-ýakynda hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde hünär tejribämizi artdyrmak maksady bilen okuw saparynda bolup geldik. Moskwa şäheriniň Milli ylmy-amaly simulýasion türgenleşik merkezinde professor Wladimir Totaçenkonyň we birnäçe tejribeli lukmanlaryň ýolbaşçylygynda öz hünär tejribelerimizi artdyrdyk. Nesip bolsa, öwrenenlerimizi iş tejribämizde giňden peýdalanarys we çagalaryň, eneleriň saglygyny dikeltmekde irginsiz zähmet çekeris.