Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.