«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgesine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna, dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryna laýyk gelýär. Bu ýörelge Türkmenistan dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan, ylalaşdyryjy merkez, şeýle hem işjeň syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde Ýer ýüzüne tanatdy.